Ýakynda Guşlaryň halkara güni hem-de “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň we Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti bilen bilelikde guramagynda paýtagtymyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda yglan edilen “Guşlar dünýäsi” atly bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu bäsleşige 700-den gowrak mekdep okuwçylary gatnaşyp, olardan 37-si baýrakly orunlara mynasyp boldular.
Dabaranyň başynda her ýylyň aprel aýynyň 1-ine bütin dünýäde bellenilýän Guşlaryň halkara gününi hem-de bäsleşigiň ýeňijilerini gutlamak üçin Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiri Bossan Ataýewa, Türkmenistanyň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi Milli institutynyň ylmy işgäri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty, ornitolog Jumamyrat Saparmyradow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň bölüm müdiri Ogulbäbek Baýmyradowa, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň hünärmeni Gülnar Çaryýarowa, Aşgabat şäheriniň 63-nji orta mekdebiniň mugallymy Aýşat Nurmyradowa hem-de Aşgabat şäheriniň 7-nji orta mekdebiniň mugallymy Güljemal Baýramdurdyýewa dagylar çykyş etdiler.
Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak, çuňňur öwrenmek bilen bagly netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýratyn bellediler.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşan ýaşlar döwrebap bilim almaga, ylym öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Mähriban ŞYHMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.