Ýakynda Änew şäherindäki Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň, welaýatyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de Medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda «Alkyş Size, şöhrat Size, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» ady bilen dabara geçirildi.
Welaýatymyzyň dürli ýerlerinden gelen bagtyýar ýaşlaryň işjeň gatnaşmagynda geçirilen dabarada Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän taryhy wakalar, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler baradaky gürrüňler has-da täsirli boldy. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň şu şatlykly günlerde Bäherden etrabynyň çäginde Bäherden keramiki önümleri kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagynyň we täze senagat desgasynyň işine ak pata bermeginiň taryhy ähmiýetini aýratyn ünsi çekdiler.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan döwletli işlerine hoşallygyň beýany bolan bu dabara welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna utgaşdy. Joşgunly aýdym-sazlarda Watanymyzyň beýik ösüşleri, hormatly Prezidentimiziň ulus-ilimiziň bagtyýarlygy ugrundaky taryhy işleri, ajaýyp döwrümiz öz waspyny tapdy.
Aýjahan ÇALIKOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat
Geňeşiniň esasy hünärmeni.