Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde yglan eden «Talyp gözeli – 2025» atly gözellik bäsleşiginiň institut tapgyry geçirildi.
Halkara Zenanlar güni mynasybetli talyp gyzlaryň ugurtapyjylygyny, iş başarjaňlygyny, ruhubelentligini, buýsançlylygyny, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny bilşini, durmuşa taýýarlygyny, medeniýetini hem-de edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen guralan bäsleşigiň deslapky tapgyry TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň guramagynda geçirildi. Oňa bir-birinden zehinli, medeniýetden we sungatdan oňat baş çykarýan talyp gyzlar gatnaşdy.
Bäsleşik örän gyzykly we çekeleşikli boldy. Eminler toparynyň gelen netijeleri boýunça Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 4-nji ýyl talyby Aýnur Kurdowa ýeňiji bolup, ol bäsleşigiň Aşgabat şäherinde geçiriljek jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.
Ýeňiji bolan we üstünlikli çykyş eden talyp gyzlara TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Maýa AKMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.