Medeniýet we sungat, munuň özi barlygy manyly ýaşamagyň çelgisi. Döredijilik - özgeleriň aňyny, düşünjesini ösdürmäge özüňi bagyşlamak. Bularyň ählisi birleşip, ynsanyň içki dünýäsini baýlaşdyrýan, ruhy iýmit bolup hyzmat edýän kämil eserleriň döremegine esas bolýar. Döwrümiziň waspyny, durmuşy pursatlary çeper sözleriň üsti bilen beýan etmek özboluşly bir dünýä. Şol dünýä ýaňy gadam basan, ýüregi döredijilik diýip urýan ynsanlara ýol-ýörelge bolmak mukaddes wezipedir. Biziň ýurdumyzda şu mukaddes wezipäni ýerine ýetirýän döredijilik işgärleri Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermeginde başy başlanan halypa-şägirtlik ýoluny mynasyp dowam etdirýärler. Ýaş nesliň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmegine we döredijilik äleminde öz mynasyp ornuny tapmagyna ýakyndan ýardam edýärler.
Şu nukdaýnazardan halypa-şägirtlik ýolunyň barha ilerlemegi we bu ugurda meýletinçiler toparlarynyň döredilmegi uly ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça merkeziň “Ýaş žurnalistiň sesi” atly gurnagynyň döredilmegi bolsa meýletinçileriň halypalar bilen özara tejribe alyşmaklaryna uly itergi berýär. Düýn ady agzalan gurnagyň guramagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň mejlisler zalynda döredijilik işgärleri bolan, halypalaryň we ýaşlaryň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda žurnalistikanyň ilkinji ädimleri, nazaryýet esaslary bilen bagly gürrüňler edildi. Şeýle hem, çäräniň dowamynda türkmen edebi dili we onuň baý sözlük gory, goşgy düzülişiniň aýratynlyklary dogrusynda baý mazmunly çykyşlara orun berildi. Çykyşlar we ýaşlary gyzyklandyrýan temalar boýunça özara sowal-jogaplaryň alşylmagy döredijilik duşuşygynyň täsirini has-da artdyrdy. Şeýle duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýaş meýletinçileriň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmegine uly mümkinçilikleriň döredilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Ýaşlaryň döredijilik äleminden mynasyp paýyny almagyna we döwrümiziň waspyny belende götermegine uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.
Çeper NAZAGYLYJOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen
milli dünýä dilleri institutynyň magistranty,
TMÝG-niň işjeň agzasy.