ŞÖHRATLY GEÇMIŞIMIZIŇ BEÝANY

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň medeniýet bölüminde döredilen muzeýe gezelenç guraldy. Etrapdaky 1-nji orta mekdebiň okuwçy ýaşlarynyň gatnaşmagynda «Şöhratly geçmişimiziň beýany» ady bilen guralan gezelenç okuwçylar üçin diýseň täsirli boldy.

Gezelençde okuwçylara muzeýi esaslandyryjy Altymuhammet Bähbidow bu ýerdäki eksponatlaryň taryhy hakynda gürrüň berdi. Şeýle-de, onuň gadymy Marguşyň gazuw-agtaryş işlerine gatnaşyp, toplan tejribesini, tapylan gymmatlyklary ýüze çykarmakda goşan goşandyny beýan edýän surat sergisi, mynasyp bolan Hormat hatlary okuwçylar üçin has-da täsirli boldy. Munuň bilen birlikde okuwçylar muzeýde ýerleşýän beýleki gymmatlyklar bilen içgin tanyş boldular.

Täsirli bolan gezelenje gatnaşan okuwçy ýaşlaryň her biri geçmiş taryhymyzy we milli mirasymyzy öwrenmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Ýazmyrat ANNAGURBANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Garagum etrap

Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 1 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

24 Iýun 2025 | 1 okalan

AÝDYM-SAZLY ÇÄRE GEÇIRILDI