Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasa ýugrulan «Hakyda göwheri» atly ajaýyp kitabyndan ugur alyp, «Gadymy Merw» taryhy medeni döwlet goraghanasyna guralan gezelenç çäresi täsirli pursatlara baý boldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat, Baýramaly şäher we Baýramaly etrap Geňeşleriniň guramagynda geçirilen çärä TMÝG-niň Mary welaýatynyň etrap, şäher Geňeşleriniň wekilleri hem-de işjeň agzalary uly ruhubelentlikde gatnaşdylar.
Ýaşlaryň taryhy we medeni ýadygärliklere bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmek hem-de olara milli medeni gymmatlyklarymyzyň döreýşiniň gözbaşyny we taryhyny düýpli öwretmek maksady bilen guralan gezelenjiň barşynda TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Aýjeren Geldiýewa, TMÝG-niň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň başlygy Hojamyrat Akmyradow, Baýramaly etrabynyň merkezi kitaphanasynyň bölüm müdiri Şemşat Hydyrowa çykyş etdiler.
Çykyşlarda ýurdumyzda häzirki wagtda amala aşyrylýan we dünýäniň logistik ulgamynyň sazlaşykly ösüşine täsir edýän häzirki zaman taslamalarynyň gadymy nusgalaryna, Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýolunyň has meşhur gatnawly döwründäki taryhy ýerleriniň şähergurluşyk aýratynlyklaryna we Gadymy Merwiň başgaça «Şahyjan», ýagny «Şalaryň jany» diýlip atlandyrylandygy baradaky gymmatly maglumatlara üns çekildi. Bagtyýar ýaşlaryň Soltan Sanjaryň kümmeti, Uly we kiçi gyz galalary şeýle hem Erk Galasy bilen içgin tanyş bolmaklary çäräniň täsirliligini has hem artdyrdy.
Işjeň häsiýetde guralan gezelenç çäresine gatnaşanlaryň her biri milli mirasymyzy we geçmiş taryhymyzy öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Maýa AKMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.