BU WATANY GÖRENLER

Bedew çapar düzlerinde, düýe gezer çölünde,

Serçeleri baglarynda, daglarynda jerenler.

Rysgaly bar topragynyň, müşki ys bar, gülünde,

Başga bir bagt islärmi, bu eşreti görenler.!

 

Azadydyr, Mollanepes, Magtymguly danasy,

Pähimlidir-paýhaslydyr söz şygryndan erenler,

Watan görki göze sygmaz, ýetmez gözleň hanasy,

Başga bir zaman islärmi, bu zamany görenler.!

 

Dogar güneş mertler bilen, batar ýene mert bilen,

Watan ogly serhedinde, kalpda döşün gerenler,

Oýanylýar her säherde asuda eşret bilen,

Başga bir döwür islärmi, bu döwüri görenler.!

 

Dogan görer öz ganyndan, hoşniýetli halky bar,

Öýe dolanmak islemez ýurda myhman gelenler,

Bu jenneti Diýarda hemmä bagt ýaşamak!

Kim islemez? Arkadagly bu Watany görenler.!

 

Joşgun PUHANOW.

Meňzeş habarlar

24 Sentýabr 2025 | 160 okalan

PARAHATÇYLYK — ÝAŞLARYŇ RÖWŞEN GELJEGI

22 Sentýabr 2025 | 170 okalan

TÜRKMENISTAN ÖSÜŞ WE ROWAÇLYK ÝOLUNDA

18 Sentýabr 2025 | 245 okalan

GARAŞSYZLYK — HALKYMYZYŇ BUÝSANJY