OKUWÇYLARYŇ ARASYNDA ŞAŞKA ÝARYŞY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrapdaky 25-nji orta mekdepde bilim alýan okuwçylaryň arasynda «Sport ýaşlaryň gujurly güýji» atly sportuň şaşka görnüşi boýunça ýaryş geçirildi.

Çekeleşikli hem gyzgalaňly geçen ýaryşda okuwçylar özleriniň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler. Ýaryşda ýeňiji bolan we aýratyn tapawutlanan okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar sport bilen yzygiderli meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

 

Maksatmyrat TÄÇMUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Tagtabazar etrap

Geňeşiniň Serhetabat şäher bölümçesiniň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 24 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

24 Iýun 2025 | 23 okalan

AÝDYM-SAZLY ÇÄRE GEÇIRILDI