Golaýda ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek hem-de Watan mukaddesligi hakynda düşündirmek maksady bilen, Baýramaly etrap bilim bölüminiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda etrabyň 2-nji orta mekdebinde mugallymlaryň we okuwçy ýaşlaryň gatnaşmagynda «Watan goragy mukaddesdir» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda her bir raýatyň ata Watany, ene topragy gözüniň göreji deý goramalydygy, Watan düşünjesiniň örän gymmatly many-mazmuna eýedigi, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bize peşgeş beren ajaýyp kitaplarynyň watançylyk, terbiýeçilik ähmiýetiniň uludygy we häzirki wagtda eziz Watanymyzy gülledip ösdürmek babatynda ýurdumyzda birnäçe işleriň alnyp barylýandygy dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar eziz Watanymyzy asuda we parahat durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Azat MUHIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Baýramaly etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň müdiri.