“SUNGAT PLANETASY 2024” HALKARA ÝAŞLAR FESTIWALY BÄSLEŞIGININE BAGYŞLANYP SERGI GURNALDY

     2024-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Pariž şäherinde Gazagystan Respublikasynyň Fransiýadaky ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň gurnamagynda "SUNGAT PLANETASY - 2024"  halkara ýaşlar festiwalynyň çäginde geçen bäsleşige bagyşlanyp sergi geçirildi. Bu dabaraly waka 34 ýurtdan gelen ýaş suratkeşleri we bäsleşige gatnaşyp ýeňşe mynasyp bolan baýrak eýelerini bir ýere jemledi.

     Sergi Turan etno-tans toparynyň we Birlik tans toparlarynyň çykyşlary bilen baýlaşdyryldy şeýle-de ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Mirasy mowzugy bilen bäsleşijileriň eserleriniň arasynda aýratyn tapawutlanan 40 fotosurat sergide görkezildi.

     Çärä gatnaşan myhmanlar, medeniýet we sungat işgärleri, ÝUNESKO-nyň we gurama agza ýurtlaryň wekilleri ýaryşa gatnaşan ýaş suratkeşleriň zehinlerine we ukyp-başarnyklaryna ýokary baha berdiler.

     Bu dabaraly sergi 2024-nji ýylyň 18-nji noýabryna çenli ÝUNESKO-nyň Baş edarasynda dowam eder.

 

unesco.gov.tm

Meňzeş habarlar