Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Her ýylyň bahar, güýz aýlarynda ählihalk bag ekmek, öňki bar bolan baglara ideg etmek çäresini geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Şu nukdaýnazardan, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň 9-njy noýabrynda ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, şugün Mary welaýatynyň Mary-Aşgabat awtomobil ýolunyň ugrunda ählihalk bag ekmek dabarasy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Şunda tokaý meýdanlarynyň sanyny we hilini ýokarlandyrmak, ekilen agaç nahallaryna kadaly ideg etmek esasy maksat bolup durýar. Bu asylly işe mynasyp goşant goşmak maksady bilen, biz hem, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat, şäher, etrap Geňeşleriniň agzybir işgärleri bolup, ählihalk bag ekmek dabarasyna uly ruhubelentlik bilen gatnaşdyk.
Işjeň ýagdaýda geçen ählihalk ýowarynda saýalyk, pürli we miweli baglaryň ençemesi ekildi. Zähmet baýramçylygynyň ruhunda geçen ählihalk ýowarynyň dowamynda welaýatymyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynyň owazy belentden ýaňlanyp, çärä gatnaşanlara ruhy şatlyk paýlady.
Şeýle sogaply işlere gatnaşmak biziň her birimiz, ylaýta-da biz ýaşlar üçin uly bagtdyr. Çünki baglar ömrümize hem-de döwrümize saýadyr.
Goý, ata Watanymyz Türkmenistan bagy-bossanlyga beslensin! Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň berkarar eden asuda Diýarymyzda görkana baglarymyzyň hatary barha artyp,ömürlere saýa salsyn!
Aýjeren GELDIÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň müdiri.