Her döwür-bir döwür. Dünýäniň ösüşleri özboluşly tehnologiýalary bilen her birimiziň ünsümizi çekýär. Ýokary tizlikli, simsiz internet ulgamy bolan Wi-Fi adyndan belli bolşy ýaly, iňlis dilinden gelip çykyp, “Wireless-Fidelity”, ýagny “simsiz ulgam” diýmegi aňladýar. Ol elektron ulgamlaryň arasynda tora we internet ulgamyna simsiz birikmäge şert döredýär. Ýagny, uly ýygylykly radiotolkunlaryň üsti bilen maglumat geçirilýär. Wi-Fi ulgamynyň üstünde işlenilip başlanan döwri 1980-nji ýyllaryň ortalary diýlip hasaplanylýar. Wi-Fi ulgamyna meňzeş 1985-nji ýylda ABŞ-nyň aragatnaşyk boýunça federal agentligi (iňlis dilinde-Federal Communication Commission) ähli isleýän raýatlara lisenziýasyz bellenen radiospektriň ýygylygynda tory ulanmaga mümkinçilik döredip berdi. Dünýäniň beýleki döwletleri hem muny goldap, özlerinde simsiz tory ulanmagyň gerimini artdyryp başladylar.
Şeýlelik-de, Wi-Fi ulgamy döräp başlaýar. Onuň döredilen wagty diýlip 1991-nji ýyl hasaplanylýar. Ol Niderlandlarda Wik Heýz tarapyndan döredildi. Ýöne Wi-Fi ulgamynyň kadaly işleýşi 1997-nji ýylyň ahyry hasaplanylýar. Onuň ilki söwda bazarynda WaveLAN markasy görnüşinde 1Mbit/sekuntdan 2Mbit/s-da çenli tizlikde maglumatlary kabul etmäge ukyby bardy. Kadaly IEEE 802.11n görnüşli Wi-Fi ulgamynyň maglumat geçirijilik tizligi 54 Mbit/sekunda ýetirildi. Nazary taýdan, 802.11n görnüşli Wi-Fi ulgamynyň maglumaty 600 Mbit/s tizlikde kabul etmek ukyby bar. 2011 – 2013-nji ýyllar aralygynda IEEE 802.11ac görnüşli Wi-Fi ulgamynyň ahyrky tapgyry tassyklanyldy we 2014-nji ýylyň başlarynda Gbit/sekunda ýetirildi.
Wi-Fi ulgamynyň esasy aýratynlygy internet toruna şertli tölegsiz baglanmaga mümkinçilik döredýär. Eger-de siz söwda merkezlerinde, howa menzillerinde, restoran-kafelerde pul harçlaýan bolsaňyz, artykmaçlyk hökmünde Wi-Fi ulgamy arkaly tölegsiz internet sahypalaryna birigip bilersiňiz. Ony siz Wi-Fi ulgamyna birikdirilmäge ukyby bolan noutbuklar, smartfonlar arkaly ulanyp bilersiňiz. Ýeri gelende aýtsak, häzirki döwürde tölegsiz Wi-Fi ulgamy köp ýerlerde duş gelýär. Bu bolsa ýaşlaryň dünýägaraýşynyň giň bolmagy talap edilýän döwürde has möhüm ähmiýete eýedir.
Şunlukda, Wi-Fi ulgamynyň geriminiň artmagy bilen, tutuş ýurduň içinde Wi-Fi ulgamy arkaly internet ulgamyna birikmäge şertler döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda internet ulgamyny ýokarlandyrmaga uly üns berilýär. Ýurdumyzyň döwlet edaralaryna, howa we demir ýol menzillerine, kitaphanalara, bilim edaralaryna, söwda merkezlerine döwrebap Wi-Fi ulgamlary giň gerimde ornaşdyrylýar.
Annagözel GURBANOWA,
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň
44-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy, TMÝG-niň işjeň agzasy.