Ekologiýa arassaçylygynyň hatyrasyna

Ýaş alym barada gysgaça maglumat:

Patma Igdyrowa, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Himiýa we nanotehnologiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Işiniň ady: Ekologik taýdan arassa bioplastik materiallary öndürmegiň innowasion usuly.

Türkmenistanly talybyň işläp taýýarlan bioplastik torbalary ekologiýa zyýanly galyndylary azaldar.

Ekologiýa ählimizi bagryna basyp duran beýik bir ene. Öz enemizi nähili söýýän, nähili goraýan bolsak, ol hem edil şeýle söýgä, goraga mätäç. Bu bolsa her birimiziň başarjak zadymyz. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan her ýyl yglan edilýän ylmy işleriň bäsleşiginiň geçen ýylky ýeňijileriniň biri – Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Patma Igdyrowanyň ylmy gözlegleri hem hut şu meselä bagyşlandy. Ol Türkmenistanda ilkinjileriň hatarynda bioplastik torbalary işläp taýýarlady.

Beýik enäniň goragynda

Plastik önümler gündelik durmuşymyzdan aýry göz öňüne getirip bilinmejek derejedäki serişdeleriň hataryna girdi. Bir gezeklik plastik torbalar bolsa her gezek dükana baranymyzda esasy goşhaltamyza öwrülýär. Soň? Soň wagtyň geçmegi bilen, bu torbalar zibile oklanylýar...

Elbetde, adamyň bar ýerinde galyndy hem bar. Olardan bütinleý saplanmak, häzirlikçe, mümkin görnenok. Emma galyndylarymyzy toprak üçin peýdaly organiki döküne hem öwrüp biljek ekenik. Onsoň hem, galyndylary gaýtadan işlemek ýa-da olaryň zyýanly taraplaryny azaltmak, başartsa, düýbünden ýok etmek ekologiýa babatynda tutuş adamzadyň öňünde duran uly borç. Ýöne käte metbugat sahypalarynda ýylda millionlarça tonna galyndynyň ekologiýanyň bagryna bitmejek ýara salýandygyny okap gynanýarsyň. Ony gorajak başlangyçlar barada okap bolsa, kalbyňa şatlyk aralaşýar. Maksadymyz – şu ýazgylar arkaly size şol şatlygy ýene bir gezek bagyşlamak. Ýöne ozalky okan habarlaryňyzdyr makalalaryňyzda ekologiýa zyýansyz önümçiligiň daşary ýurtlarda ýola goýlandygyny okan bolsaňyz, bu gezek hut biziň ýurdumyzda, onda-da talyp gyzyň öňe sürýän başlangyçlary barada buýsanç bilen habar bermegi makul bildik.

Bölüme nokat goýmazdan ozal, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ajaýyp tebigatymyzy ylmy taýdan öwrenmek we onuň gözelliklerini gorap saklamak babatda oňyn işler durmuşa geçirilýändigini aýratyn nygtamak isleýäris. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ekologiýa abadançylygyny döretmek, baý tebigy we biologik serişdeleri rejeli ulanmak hem-de artdyrmak, mähriban Diýarymyzy gülläp ösýän abadan mekana öwürmek boýunça amala aşyrylýan giň möçberli işler dünýä jemgyýetçiliginiň gyzgyn goldawyna eýe bolýar. Türkmenistan bu babatda BMG derejeli başlangyçlaryň birnäçesini orta atdy. Çünki häzirki wagtda ekologiýa meseleleri dünýä jemgyýetçiliginden täze innowasion dolandyryş çözgütlerini kabul etmegi talap edýär. Sebäbi bu gün tebigat bilen jemgyýetiň arasyndaky gatnaşyklaryň sazlaşygyna adamzadyň durmuş-ýaşaýşy, ösüşi, geljegi, adam ekologiýasy gönüden-göni bagly bolup durýar.

Ähli zat öz elimizde

– Ýurdumyzda ylmyň we tehnologiýanyň gazananlary ýerli çig mallary ykdysady taýdan ähmiýetli maksatlar üçin peýdalanyp bilmegi we olary gaýtadan işlemegi talap edýär. Bioplastik – bu täzelenýän (gaýtadan işläp bolýan) çeşmelerden ybarat bolan plastmassadyr. Ol ösümliklerdir dürli mikroorganizmlerden alynýar. Adaty plastik bolsa, täzelenmeýän magdanlardan, ýagny nebit ýa-da tebigy gaz bilen sintezlenýär. Plastik önümler ýeriň üstüne, suw ýollaryna we okeanlara ýaramaz täsir edýär – diýip, «Ekologiýa taýdan arassa bioplastik serişdeleri öndürmegiň innowasion usuly» atly ylmy işiň awtory – talyp gyz Patma Igdyrowa gürrüň berýär.

Ylmy işiň esasy maksady galyndy plastik önümlerini tebigatdan aýyrmak we olaryň ekologiýa gurşawyna edýän ýaramaz täsirleriniň öňüni almak üçin ýerli çig mallardan bioplastik serişdäni taýýarlamakdan ybarat. Şeýle tehnologiýany özleşdirmek we ýola goýmak ekologik abadançylygy goramaga mümkinçilik berip, deňizleriň, okeanlaryň hapalanmalaryna garşylyk görkezer we janly-jandarlaryň asuda ýaşamagyna şert döreder.

Mekgejöwen torba öwrüldi

Häzir talyplygynyň dördünji ýylynyň hem deň ýaryny arka atan Patma ylmy gözleglerine 2019-njy ýylda girişdi. Şol ýyl hem talyplygynyň üçünji ýylyna, hem-de täze bir ylmy gözlege gadam goýan gyz mundan öň hem uniwersitetdäki «Ýaşyl himiýa» ylmy-önümçilik merkezinde gözlegleriň birnäçesini geçirip görüpdi. Ýöne bioplastik serişdeleri almak boýunça gözlegleri gyzyklylygy we netijeliligi boýunça ony has özüne çekdi.

Şeýlelikde, ol uniwersitetiň amaly himiýa kafedrasynyň mugallymy Atamyrat Altyýewiň ýolbaşçylygynda bioplastik serişdeleriň esasy çig maly bolan ösümlik krahmalyny almak boýunça gözleglere girişdi. Ilkinji gözlegler ýeralmanyň üstünde alnyp barlan hem bolsa, halypadyr şägirt soňra mekgejöweniň krahmalynyň has netijeli boljakdygyna göz ýetirdiler.

Mekgejöweniň düzüminiň 70 göterimini tutýan krahmal gaýnadylyp we süzülip alyndy. Soňra ol bioplastik serişdäniň esasy çig malyna öwrüldi. Irginsiz gözlegleriň netijesinde-de talyp gyz ýurdumyzda ilkinjileriň biri bolup bir gezek ulanylýan bioplastik torbany almagy başardy.

Adama-da, topraga-da peýda berer

Dünýäde ösümlikleriň düzümindäki krahmaldan ekologiýa üçin zyýansyz bioplastik önümleri almagyň birnäçe ýoly özleşdirildi. Elbetde, Atamyrat mugallym we Patma internet arkaly bu ýollar bilen hem tanşyp, olary hem synag edip gördüler. Ýöne irginsiz gözlegleriň netijesinde ýerli tejribeler bilen alnan bioplastik torba has berk we ygtybarly boldy.

Ýaş alymyň aýtmagyna görä, sintetik plastikden taýýarlanan torbalar deňizlerdir ummanlaryň düýbünde hem uzak wagtlap çüýremeýän bolsa, bioplastik torbanyň çüýremegi üçin aňrysy üç-dört hepde ýeterlikdir. Talyp gyz çüýreme hadysasyny toprakda-da, suwda-da synag edip gördi. Üç-dört hepdeden soň torbadan zerre bölejik hem galmady. Topraga gömlen torba bolsa çüýräp, organiki döküne öwrüldi. Diýmek, mundan beýläk bioplastik galyndylar zyýana däl-de, toprak üçin ýokuma öwrülip biler.

Kämilligiň çägi ýok

Bu iş bilen ýaşlaryň arasyndaky ylmy bäsleşikde ikinji orny eýelän Patma işi ýene-de dowam etdirip boljakdygyny aýdýar. Ol indi önümiň dargaýjylyk wagtyny üýtgetmän, berkligini güýçlendirmegi maksat edinýär. Eger bu başartsa, beýleki bioplastik serişdeleri hem öndürip bolar.

Ýaş alymlaryň bäsleşiginde we beýleki gözden geçirilişlerde guralan sergilerde talyp gyzyň ylmy gözleglerine gyzyklanmalar uly boldy. Bu ýönelige däl. Bioplastik serişdeleri öndürmek işinde olaryň çig malyny gözläp, ýurt sökmek gerek bolmaz. Ýerli çig mallar bilen öndüriljek bioplastik önümleriň diňe içerki bazarda däl, dünýä ýüzünde hem hyrydarynyň ýetik boljakdygy öz-özünden düşnükli. Häzir degişli edaralardan bu işe ygtyýarnama almak meseleleri çözülýär. Talyp gyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda iň ýakyn geljekde ekologiýa üçin zyýansyz, tersine, peýdaly bioplastik önümler öndürilip başlanar.

Iň begendirýän ýagdaý bolsa, türkmenistanly ýaş alymlaryň arasynda ekologiýanyň goragyna gönükdirilen ylmy gözlegler başga-da kän. Olar barada hem tapgyrymyzyň geljekki makalalarynda gürrüň bermegi meýilleşdirýäris. Türkmen ýaşlarynyň hormatly Prezidentimiziň beýik göreldesine eýerip, dünýäniň, tutuş adamzadyň parahat geljegine gönükdirilen işlere goşant goşmagy ählimiz üçin guwandyryjy ýagdaýdyr. Goý, şeýle işleriň höwri kän bolsun! Ekologiýa – beýik ene gursagy söýgä eýlenen perzentleriniň saýasynda baky juwanlygyň, baky tämizligiň, baky gözelligiň mekany bolsun!

Agageldi ITALMAZOW,

žurnalist.

Meňzeş habarlar

05 Noýabr 2021 | 20208 okalan

Ylymly ýaşlar – kämilligiň ýolunda.

24 Mart 2021 | 24851 okalan

Günbatary maýyl eden sungat