“BEREKETLI TÜRKMEN SAÇAGY” KELLEBAŞAÝAK ÇORBASY

Türkmen halkynyň aňyna we ruhuna berk ornaşan «türkmen bedewleri», «türkmen halylary», «türkmen gawunlary»... diýen düşünjeler ýaly, «türkmen milli tagamlary» diýen jümle hem çuň mana, aýratyn sazlaşyga eýedir. Türkmeniň milli tagamlarynyň arasynda kellebaşaýak çorbasy hem mynasyp orun tutýar. Ynsan saglygy üçin örän peýdaly bolan çorbanyň bu görnüşiniň taýýarlanyşy hakynda hormatly Prezidentimiziň “Bereketli türkmen saçagy” kitabynyň 2-nji tomunda aýdyň beýan edilýär.

Gerekli önümler:

1 sany goýun kellesi,

4 sany aýagy, dili,

ýüregi, öýkeni we böwrekleri,

5 sany düýp sogan,

2 desse gök ot,

islege görä duz, hoşboý ys we tagam beriji zatlar.

Taýýarlanyşy:

Goýnuň kellesini, aýaklaryny, garnyny, dilini gowy arassalap, böleklere bölüp, sowuk suwa salmaly, ýüregini hem atmaly we hemmesini haýal otda gaýnatmaly. Gaýnap duran wagty maýda dogralan düýp sogan, gök otlar, hoşboý ys we tagam beriji zatlar, duz atylýar. Taýýar bolan çorbany süzmeli, eti süňkünden aýyrmaly we aýratyn uly tabaklarda äbermeli. Çorbany käselere guýmaly we üstüne maýda dogralan gök otlary sepmeli.

Şeýle çorba kellebaşaýaksyz, öýken-bagyrdan hem taýýarlanyp bilner.

 

 

Meňzeş habarlar

27 Noýabr 2025 | 175 okalan

TÜRKMEN MILLI NAGYŞLARY

20 Noýabr 2025 | 689 okalan

MEDENI MIRAS — HALKYŇ GYMMATLYGY

20 Noýabr 2025 | 478 okalan

MEDENI MIRAS — HALKYŇ RUHY KUWWATY