SPORT – SAGLYK

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşi etrabyň 2-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdebiniň ýaş ýetginjekleriň arasynda etrabyň açyk birinjiligini almak ugrunda «Sport – güýç-gaýrat, saglyk» atly şygar astynda sportuň grek-rim göreşi görnüşi boýunça ýaryş geçirdi.

Ýaryş diýseň gyzykly hem çekeleşikli geçdi. Ýaryşyň guramaçylyk we eminler toparynyň gelen netijelerine görä ýaryşyň ýeňijileri yglan edildi.

Ýaryşyň ýeňijilerine şeýle hem beýlekilerden has tapawutly çykyş eden ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşiniň hem-de  Boldumsaz etrabynyň 2-nji  sport mekdebiň adyndan ýeňiji kemerler, medallar, Hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlary dabaraly gowşuryldy.

Parahat SABIROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Boldumsaz etrap Geňeşiniň  Gubadag şäher

bölümçesiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

19 Iýun 2025 | 110 okalan

WATANYMYZYŇ BAGTYÝAR NESILLERI

19 Iýun 2025 | 68 okalan

ÝURDUMDA ÝAŇLANÝAR ÇAGA GÜLKÜSI