«DÜNÝÄ DILLERI – DOST - DOGANLYK KÖPRÜSI» ATLY DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň şeýle hem, «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde yglan eden «Dünýä dilleri – dost-doganlyk köprüsi» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak maksady bilen, institutyň kiçi mejlisler zalynda dabaraly çäre geçirildi.

Bu döredijilik bäsleşiginiň maksady Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin hem ähli şertleri döretmeli. Olaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirip durmaly» diýen ganatly sözlerinden ugur alyp, talyp ýaşlarda öz hünärine bolan höwesini artdyrmak boldy.

Döredijilik bäsleşiginde gatnaşyjylaryň jemi 30 golaýy “Ýeňiji” diýlip yglan edildi. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň adyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Muhammetmyrat BÄŞGULYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher

Geňeşiniň başlygynyň w.ý.ý.

Meňzeş habarlar

18 Iýul 2025 | 7 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

18 Iýul 2025 | 7 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Iýul 2025 | 59 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI