MILLI MIRAS – TERBIÝÄNIŇ ÖZENI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň tassyklan iş meýilnamasyna laýyklykda, dürli ulgamlarda zähmet çekýän we bilim alýan ýaşlaryň arasynda türkmen halkynyň milli mirasyny wagyz etmek hem-de ýaşlarymyza milli mirasyň ähmiýetini düşündirmek maksady bilen, “Milli miras – terbiýäniň özeni” atly şygar astynda etrabyň 7-nji orta mekdebiniň muzeýine gezelenç çäresini guraldy.

Gezelençde ýaşlar halkymyzyň ruhy-medeni gymmatlyklary, ata-babalarymyzyň bize goýan edebi mirasy, beýik şahsyýetlerimiz, gymmatly taryhy maglumatlar bilen ýakyndan tanyş boldular.

Gezelenjiň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň milli mirasyny giňden wagyz etmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýtdylar.

 

Aýjennet HYDYROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Iýun 2025 | 1 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK

26 Iýun 2025 | 1 okalan

SPORT — SAGLYGYŇ GIREWIDIR

24 Iýun 2025 | 505 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI