TÄSIRLI GEZELENÇ

     Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda «Gadymy taryhym – hazyna-genjim» ady bilen etrabyň 47-nji orta mekdebiň muzeýine gezelenç guraldy.

     Çäre ýaşlaryň taryhy we medeni ýadygärliklere bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmek maksady bilen geçirilen çärede ýaşlar halkymyzyň uzak asyrlaryň dowamynda döreden gymmatlyklary bilen içgin tanyş boldular. Muzeýde ýerleşdirilen tapyndylar çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

     Şeýle hem gezelenje gatnaşanlar milli mirasymyzy giňden öwrenmekde we ony wagyz etmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Aýgül DODYÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 24 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

24 Iýun 2025 | 23 okalan

AÝDYM-SAZLY ÇÄRE GEÇIRILDI