Ýaňy-ýakynda şeýle mazmunly şygar bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň gurnamagynda etrabyň 40-njy orta mekdebinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň esasy maksady «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň» 18-nji bendini üstünlikli durmuşa geçirmekden ybarat bolup, oňa ady agzalan orta mekdebiň ýokary synp okuwçylary we mugallymlary gatnaşdylar.
Çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly başlangyjy boýunça neşir edilýän kitaplaryň her biriniň türkmeniň ruhy dünýäsini özünde jemleýändigini, çünki kitabyň döwrümiziň ajaýyp waspçysydygyny we onuň paýhasly sözden bina edilen beýik ymaratdygyny buýsanç bilen nygtadylar. Çykyşlaryň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden çykan her bir eseriniň çuňňur many-mazmuna eýedigi we bu eserleriň her biriniň türkmen ýaşlarynyň ýan kitabyna öwrülendigi barada buýsançly söhbet edildi.
Çäräniň ahyrynda ýaşlarymyza okamaga, öwrenmäge, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
Sülgün ATAÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Mary etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.