MIWELI BAGLARYŇ BOL HASYLY

Ýakynda, Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Gülüstan daýhan birleşiginiň miweli bagynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşiniň hem-de etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Gülüstan daýhan birleşiginiň bagbanlarynyň gatnaşmagynda ýaş bagbanlarymyzyň armasyny ýetirmek maksady bilen «Miweli baglaryň bol hasyly» atly duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda ýaş bagbanlar şetdalynyň bol hasylyny ýygnadylar, hem-de şetdaly nahalynyň ösdürilip ýetişdirilişi, idedilişi barada gürrüň berdiler. Duşuşygyň dowamynda bagbanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oba hojalyk ulgamyny ösdürmekde alyp barýan işleri dogrusynda gürrüň berdiler.

Duşuşygyň ahyrynda bagbanlar ýurdumyzyň ähli künjegini bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda uly tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Jahan KADYROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Saýat etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

23 Iýul 2025 | 9 okalan

KÖRPEJE ÇAGALAR ÝARYŞDYLAR

22 Iýul 2025 | 52 okalan

MIWELI BAGLARYŇ BOL HASYLY

21 Iýul 2025 | 60 okalan

GÜL ÇAGALAR SIZ DURMUŞYŇ BEZEGI