SPORT SAGDYN DURMUŞYŇ GÖZBAŞY

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Sarahs etrap Geňeşiniň, etrap bedenterbiýe we sport bölüminiň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň Sport mekdebinde okuwçy ýaşlaryň gatnaşmagynda sportuň küşt görnüşi boýunça “Sport ‑ sagdyn durmuşyň gözbaşy” ady bilen bäsleşik geçirildi. Gyzgalaňly geçen bäsleşigiň ahyrynda öz ukyp-başarnyklaryny görkezip, ýeňiji bolan okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Sarahs etrap Geňeşi tarapyndan sowgatlar hem-de Hormat hatlary gowşuryldy.

Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Zübeýda GURTÝAZOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Sarahs etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar