«Altyn asyr» toparynyň futbolçylary ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän 2025-nji ýyldaky futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň üçünji aýlawyny üstünlikli başlap, 15-nji tapgyryň jemleýji duşuşygynda paýtagtymyzyň «Aşgabat» toparyny 2:1 hasabynda utup ýeňiş gazandylar.
Duşuşyk paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabyndaky «Sport toplumy» stadionynda geçirildi.
Meýdança eýeleri duşuşygyň birinji ýarymynyň eýýäm 4-nji minudynda hasaby açdylar. Bu pökgi Abdyrahman Annamyradowyň adyna ýazyldy. 47-nji minutda Süleýman Muhadow tapawudy artdyryp, möwsümde dördünji goluny geçirdi.
Duşuşygyň 53-nji minudynda «Ahal» toparyndan «Aşgabat» toparyna geçen Begmyrat Baýow bir pökgi geçirdi, emma myhmanlar hasaby artdyryp bilmediler.
Bu ýeňişden soň «Altyn asyr» topary 28 utuk bilen milli çempionatda üçünji orna gaýdyp geldi. Şonça utuk bilen Türkmenbaşynyň «Şagadam» topary goşmaça görkezijisi boýunça dördünji orny eýeleýär. «Aşgabat» topary bolsa 11 utuk bilen altynjy orunda galdy.
Çempionatda 48 utuk bilen «Arkadag» topary, ikinji orny eýeleýän «Ahal» toparyndan 17 utuk öňde barýar. Hüjümçileriň arasyndaky ýaryşda bolsa 15 gol (1 gol – 11 metr jerime urgy) bilen «Arkadag» toparynyň hüjümçisi Didar Durdyýew öňdeligi saklaýar. Onuň topardaşlary Altymyrat Annadurdyýew – 13 (1 – 11 metr jerime urgy) pökgi we Begenç Akmämmedow – 12 (1 – 11 metr jerime urgy) pökgi saldylar.
Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň nobatdaky duşuşyklary 11-nji awgustda geçiriler. 21-nji tapgyryň süýşürilen duşuşyklary: «Köpetdag» – «Şagadam», «Merw» – «Altyn asyr» we «Nebitçi» – «Arkadag». Bu tapgyryň ýene bir duşuşygy – «Aşgabat» bilen «Ahal» toparlarynyň arasyndaky duşuşyk bolsa, Türkmenistanyň wise-çempionynyň AFK-2 Çempionlar ligasynyň saýlama duşuşygyna gatnaşmagy sebäpli ätiýaç günleriň birine süýşürildi. Bu duşuşyk 13-nji awgustda Täjigistanyň Tursunzada şäherindäki «TALCO» stadionynda ýerli «Regar-TadAZ» toparyna garşy geçiriler.
turkmenistan.gov.tm