WAGYZ NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň guramagynda 65-nji orta mekdepde okaýan ýokary synp okuwçylaryň arasynda wagyz nesihat duşuşygy geçirildi.

Okuwçylaryň arasynda geçirilen wagyz-nesihat  duşuşygyna gatnaşanlar ýurdumyzda ýaşlaryň  bilimini ýokarlandyrmaga, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent nesliň kemala gelmegi ugrunda alnyp barýan uly işler barada belläp geçdiler.

Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda çykyş edenler ýurdumyzda ýaşlara döredilýän mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Röwşen MODYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Iýul 2025 | 56 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Iýul 2025 | 69 okalan

SAGDYN NESIL — SAGDYN JEMGYÝET

16 Iýul 2025 | 125 okalan

SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI