TÄSIRLI GEÇEN SÖHBETDEŞLIK

     Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň Balkan welaýat kitaphanasy bilen bilelikde guramagynda «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli, şeýle hem Milli Liderimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinden gelip çykýan meseleleri wagyz etmek, öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen geçirilen bu söhbetdeşlik çuň many-mazmuna eýe boldy.

     Söhbetdeşligiň barşynda çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Mejlisinde, döwlet Baştutanymyz tarapyndan tassyklanan Maksatnamada öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylmaly işler bilen bagly meseleleri we öňde durýan wezipeler dogrusynda, şeýle-de dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli welaýatymyzda görülýän taýýarlyklar barada täsirli gürrüňler etdiler. Şeýle hem, duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan özgertmekde zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny ýokarlandyrmaga, eneligi goldamaga, maşgalany goramaga uly üns berýändikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi.

 

Oguljeren ÇENDIROWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

20 Awgust 2025 | 65 okalan

GYZYKLY BRIFING GEÇIRILDI

20 Awgust 2025 | 50 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

20 Awgust 2025 | 44 okalan

TÄSIRLI GEÇEN WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY