ÝOL HEREKETINI ÖWREDÝÄN YŞYKLAR

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň mekdebe çenli çagalara bilim berýän 20-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçileriniň we körpeleriniň gatnaşmaklarynda ýol-hereket düzgünlerini berjaý etmekdäki bilimlerini ýokarlandyrmak maksady bilen, toparlaýyn görnüşde bäsleşik geçirildi.

Onda 20-nji çagalar bakja-bagynyň «Güneş» hem-de «Bossan» toparlarynyň körpeleri özara bäsleşdiler. Bäsleşikde «Güneş» toparynyň körpeleri ýörite reňkli kagyzda ýol yşyklaryny ýasap görkezip, ýola çykanyňda haýsy yşykda ýöremeli, haýsy yşykda taýyn bolmaly we haýsy yşykda durmalydygy barada aýdyp üstünlikli çykyş edip, 1-nji orna eýe bolmagy başardylar.

Ýeňiş gazanan körpeler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

Derýa MAGSADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

30 Sentýabr 2025 | 52 okalan

SURAT ÇEKMEK BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

30 Sentýabr 2025 | 65 okalan

MASLAHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

30 Sentýabr 2025 | 45 okalan

AÝDYM-SAZLY BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI