DÜNÝÄNI ÖZGERDÝÄN SANLY TEHNOLOGIÝALAR

Tehnologiýalaryň çalt özgerýän döwründe sanly rewolýusiýa ylmy jemgyýetçiligiň ünsüni özüne çekýär. Senagat rewolýusiýasyndan tapawutlylykda, sanly rewolýusiýa diňe täze tehniki çözgütleriň girizilmegi däl-de, häzirki zaman jemgyýetiniň durmuş-ykdysady, medeni we institusional gurluşlaryny düýpgöter üýtgedýän, durmuşyň täze kadalaryny, gymmatlyklaryny we modellerini emele getirýän özgeriş prosesi. Sanly rewolýusiýa öz gözbaşyny XX asyryň ortalaryndan mikroelektronika ösüp, internet dörän wagtyndan alyp gaýdýar. Häzirki wagtda emeli intellektiň ösmegi, uly maglumatlar (Big Data), blokçeýn tehnologiýalary, Zatlar interneti (IoT), maşyn öwrenmek we awtomatlaşdyrmak bilen baglanyşykly “ikinji sanly tolkunyň” şaýady bolýarys.

Sanly rewolýusiýa durmuşyň ähli ugurlaryna bir wagtda täsirini ýetirýär. Sanlylaşdyrma sanly ykdysadyýet nusgasyna geçmäge ýardam edýär. Uzak aralykdan işlemek, täze sanly bazarlar we wirtual walýutalar ýaly täze iş görnüşleri ýüze çykýar. Bank kartlary, aragatnaşyksyz tölegler, telefon belgisi boýunça geçirimler ýaly sanly üýtgeşmeler indi adaty durmuş ýagdaýyna öwrüldi.

Sanly tehnologiýalar lukmançylykda keselleri anyklamak, bejermek we öňüni almak işlerini ýeňilleşdirdi. Öňdebaryjy ugurlar bolan bioinformatika we lukmançylyk şekilleriniň derňewi, çaklama analitikasy üçin emeli intellektiň ulanylmagy, bu lukmançylyk kömeginiň elýeterliliginiň we hiliniň gowulanmagyna goşant goşýar.

Sanly tehnologiýalar telefony diňe bir aragatnaşyk serişdesi däl, eýsem durmuşymyzyň dolandyryş merkezine öwürdi. Ozal telefonlar diňe jaňlaşmak üçin ulanylýan bolsa, häzirki wagtda bir zat satyn almak üçin tölemek, taksi sargyt etmek, filmlere seretmek, aýdym diňlemek, täzelikler bilen tanyş bolmak we awtobuslaryň tertibini barlamak üçin hem ulanýarys.

Sanly rewolýusiýa biziň geljegimiz hem ýaşaýan häzirki wagtymyzdyr. Sanly öwrülişik az zähmet bilen köp işleri ýerine ýetirmegi, nirede ýaşaýanlygyňa seretmezden, sanly hyzmatdan peýdalanyp bolýandygyny görkezdi, ýagny wagt tygşytlylygy, elýeterlilik we çeýelik bilen üpjün etdi. Sanly rewolýusiýa arkaly durmuşymyz ýeňilleşdi. Esasy zat bolsa tehnologiýalary akylly we peýdaly ulanmagy başarmakdyr.

Guwanç DÖWRANOW,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen

Döwlet mugallymçylyk institutynyň

pedagogika kafedrasynyň mugallymy.

Meňzeş habarlar

18 Sentýabr 2025 | 35 okalan

SUNGAT BIR JADYDYR

18 Sentýabr 2025 | 41 okalan

DÜNÝÄNI ÖZGERDÝÄN SANLY TEHNOLOGIÝALAR