Türkmenistan häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitinde durnukly ösüşiň, ynanyşmagyň we hoşniýetli gatnaşyklaryň esasy merkezleriniň birine öwrüldi. Goňşy döwletler bilen döwletara gatnaşyklary ýokary derejede ösdürilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletler Arkalaşygy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly halkara we sebit guramalary bilen hyzmatdaşlygy barha pugtalanýar.
Ýurdumyzyň başlangyjy bilen halkara derejeli duşuşyklar, maslahatlar we forumlar geçirilýär. Hususan-da, Aral deňzini halas etmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, ulag-logistika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi boýunça ädilen ädimler halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýar.
Türkmenistan halkara gatnaşyklarynyň ähli ugurlarynda üstünlikli öňe barýar. Döwletimiziň bitaraplyk ýörelgelerine we hoşniýetli hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasaty ýurdumyzyň halkara abraýyny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Sülgün ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.