Türkmen halkymyz nesilbaşymyz Oguz han Türkmenden bäri özüniň agzybirligini, jebisligini, bir maksada gulluk etmek ýol-ýörelgesini aýap, gözüniň göreji deý gorap, ösdürip gelipdir. Bu ajaýyp häsiýetleri, döwletlilik başlangyçlary halkymyza 1991-nji ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzy gazanmaga, milli döwletlilik sütünimizi dikeldip, dünýä döwletleri, halklary bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik berdi.
Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz döwletimiziň içeri hem-de daşary syýasat ugurlarynda, halkara gatnaşyklarynda täze üstünlikleri getirýär. Şu günki gün hemişelik Bitarap döwletimiz dünýäniň 150-den gowrak döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ösdürýär we abraýly halkara guramalarynyň 50-den gowragynyň agzalygynda durýar. Bu hakykat dünýä giňişliginde Türkmenistanyň parahatçylygy we howpsuzlygy gazanmak babatda öňe sürýän başlangyçlarynyň, teklipleriniň, diplomatik gurallarynyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilýänliginiň beýanydyr.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen üstümizdäki 2025-nji ýyly — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etdi. Bu şanly ýylda hemişelik Bitaraplygymyzy gazanmagymyza hem 30 ýyl dolýar.
Dünýäniň beýleki halklary bilen hemişe hoşniýetli gatnaşmagy özüne ýol-ýörelge edinen halkymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan, hormatly Prezidentimiziň tagallalaryndan gülleýän döwletimiziň dünýä ýurtlary, abraýly halkara guramalary bilen dostluk, özara bähbitli gatnaşyklaryny bir jebis bolup goldaýandygy buýsandyryjy ýagdaýdyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň we mahriban halkymyzyň her bir işde, her bir başlangyçda bir bitewüdigi, agzybirdigi, jebisdigi nesillerimiziň geljeginiň ýagtydygyny, ykbalynyň nuranadygyny aýdyň subut edýän hakykatdyr.
Güýçmyrat ÝAGŞYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndakyÝaşlar guramasynyň
Balkan welaýat Geňeşiniň başlygynyň w.w.ýe.ýe.