ÝAŞ TELEKEÇILER BARHA KÄMILLEŞÝÄR

Ýakynda Ýolöten etrap häkimliginiň, etrap Zenanlar guramasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň guramagynda kärhanada zähmet çekýän gelin-gyzlaryň gatnaşmagynda «Telekeçilik barha ösýär» ady bilen söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga gatnaşanlar öz çykyşlarynda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda telekeçiligi ösdürmek ugrunda giň mümkinçilikleriň döredilýändigini bellediler. Hususyýetçiligi ösdürmekde döwletiň goldaw syýasatynyň üstünlikli netijeleri halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda öz aýdyň beýanyny tapýandygyny nygtadylar. Şeýle hem çykyş edenler telekeçilik işiniň diňe ykdysady taýdan däl, jemgyýetçilik taýdan hem ähmiýetiniň uludygyny, hususy önümçiligiň iş orunlaryny döretmekde we ilaty iş bilen üpjün etmekde möhüm orun eýeleýändigini aýratyn nygtadylar. Kärhanada iş alyp barýan gelin-gyzlaryň yhlasly zähmeti aýratyn bellenilip, olaryň jemgyýetimiziň ruhy hem-de ykdysady abadançylygyna hyzmat edýändigi aýdylýar.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlarymyzyň we gelin-gyzlarymyzyň döwrebap telekeçilik işine işjeň gatnaşmagyna giň mümkinçilikler döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Jennet ORAZOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Ýolöten etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar