TÜRKMEN PÄLWANLARY 15 ÝAŞA ÇENLI ÝETGINJEKLERIŇ ARASYNDA GEÇIRILEN AZIÝA ÇEMPIONATYNDA IKI BÜRÜNÇ MEDAL GAZANDYLAR

Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde geçirilen 15 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda sport göreşi boýunça Aziýa çempionatynda türkmen türgenleri iki sany bürünç medala mynasyp boldular. Bu üstünliklere Aşgabat şäherindäki 9-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Meret Durdyýew hem-de paýtagtymyzyň «Olimp» orta sport mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Jeýhun Hakberdiýew eýe boldular.

Meret Durdyýew erkin göreş boýunça 44 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, bürünç medala mynasyp boldy. Bu agram derejesinde 9 türgen medallar ugrunda bäsleşdiler. Çärýek final tapgyryndaky ilkinji tutluşykda ol Jiwon Paky (Koreýa Respublikasy) 10:0 hasap bilen ýeňdi, ýarym finalda bolsa Aarýan Aarýandan (Hindistan) 0:10 hasap bilen ýeňildi. Bürünç medal ugrunda geçirilen bäsleşikde bolsa ol KHDR-dan Hun Bom Rini ýeňip, münberiň üçünji basgançagyna çykdy.

Ikinji bürünç medaly ýapon türgeni Ken Furusawa gazandy, ol Husan Anorboýewi (Özbegistan) 3:2 hasap bilen ýeňdi. Kümüş medala Adilet Mukanbetow (Gyrgyzystan) mynasyp boldy, altyn medaly bolsa finalda 16:6 hasap bilen ýeňiş gazanan Aarýan Aarýan (Hindistan) gazandy.

Jeýhun Hakberdiýew grek-rim göreşi boýunça 52 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, bürünç medal gazandy. Bu agram derejesinde hem 9 türgen bäsleşdi. Ol ilki bilen çärýek finalda Samga Ýermekden (Gazagystan) 0:10 hasap bilen ýeňildi. Soň bolsa üçünji orun ugrunda Şiwananda Ýadawany (Hindistan) ýeňip, bürünç medala eýe boldy.

Bu agram derejesinde ikinji bürünç medala Taýwanyň türgeni Çong Rui Li mynasyp boldy, ol Naoto Nozakini (Ýaponiýa) 8:1 hasap bilen ýeňdi. Samandar Ugli Madaminow (Özbegistan) münberiň ikinji basgançagyna çykdy, Samga Ermek (Gazagystan) bolsa 8:0 hasabynda ýeňiş gazanyp, Aziýa çempiony boldy.

turkmenistan.gov.tm

Meňzeş habarlar