“BIZ OWAZ BILEN” ATLY AÝDYM-SAZLY GEPLEŞIGIŇ NOBATDAKY SANY ÝAZGY EDILDI

Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň “Türkmen owazy” teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda “Biz owaz bilen” atly aýdym-sazly gepleşigiň nobatdaky sany ýazgy edildi.

Turuwbaşdan gyzgalaňly häsiýete eýe bolan gepleşigiň bu gezekki sanyna Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Medeniýet merkeziniň aýdymçysy, «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi, Selbi Kakaýewa gatnaşdy. Gepleşigiň dowamynda ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, milli medeniýetimiziň ösüş menzilleri, döredijilige, sungata goýulýan sarpa, döredijiligiň ýaş wekilleri üçin döwlet derejesinde döredilýän giň mümkinçilikleri dogrusynda gürrüň edildi. Şeýle hem, ýaş, zehinli aýdymçy tarapyndan dürli dillerde ýurdumyzy, parahat durmuşy, bagtyýar zamanany wasp edýän aýdymlaryň birnäçesi ýerine ýetirildi.

Gepleşigiň ahyrynda ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

  

 

Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

18 Iýul 2025 | 7 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

18 Iýul 2025 | 7 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Iýul 2025 | 59 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI