WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň, etrap Polisiýa bölüminiň hem-de Ýolöten etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň 29-njy orta mekdebinde ýokary synp okuwçylaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Çärede Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri Jennet Orazowa, etrap bilim bölüminiň hünärmeni Aman Garlyýew, etrap Polisiýa bölüminiň Ýol gözegçiligi gullugynyň uly gözegçisi Toýly Hojagulyýew, etrap Polisiýa bölüminiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölümçesiniň gözegçisi Rahym Taganow, Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň 613-nji ýangyn howpsuzlyk bölüminiň gözegçisi Pälwan Hojanyýazow, etrabyň 29-njy orta mekdebiniň müdiri Sona Çaryýewa dagylar çykyş etdiler.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler her ýylyň sentýabr aýynda ýol hadysalarynyň öňüni almak, ýol hereketiniň howpsuzlygynyň üpjün edilmegini gazanmak maksady bilen geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň ýurduň jemgyýetçilik ugruna gönükdirilen syýasatynyň aýdyň beýanydygy hakynda giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň asuda, parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Batyr JUMAHANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

11 Sentýabr 2025 | 43 okalan

ASUDALYK MEKANY — BAKY BAGTYŇ MUKAMY

09 Sentýabr 2025 | 53 okalan

SPORT ÝARYŞY GEÇIRILDI