Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň guramagynda, sporta höwesjeň okuwçylaryň gatnaşmagynda etrabyň 2-nji sport mekdebinde «Sport sagdynlygyň we ruhubelentligiň girewidir» ady bilen sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi.
Sport bilen meşgullanýan adamlar sagdyn, berk bedenli, ruhubelent bolýarlar. Ýaş nesilleriň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy üçin ýurdumyzda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Dünýäniň sport giňişliginde belent sepgitleriň aýdyň beýanyna öwrülen türgenlerimiziň ajaýyp ýeňişleri bilen türkmen baýdagy belentde parlaýar.
Sport çäresine gatnaşanlar ýurdumyzda sporty ösdürmeklige aýratyn üns berýän, ýaşlaryň sport bilen meşgullanmagyna, saglygyny berkitmegine giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Serwi AMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.