GARAŞSYZLYK — ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygy halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda ýüreginde besläp gelen arzuwlarynyň hasyl bolmagynyň nyşanydyr.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ata Watanymyz ägirt uly ösüşlere, täze sepgitlere ýetdi. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, bilim, medeniýet we beýleki ugurlary ösdürmekde taryhy işler amala aşyryldy.

Türkmenistan dünýäde durnuklylygyň we parahatçylygyň merkezi hökmünde ýokary abraýa eýe boldy.

Türkmenistanyň medeni durmuşynda hem uly üstünlikler gazanyldy. Milli gymmatlyklarymyzyň ösdürilmegine, medeni mirasymyzyň dünýä derejesinde wagyz edilmegine, ýaş nesillerimiziň watançylyk ruhunda terbiýelenmegine giň mümkinçilikler döredildi.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ýurdumyzyň halkara abraýynyň yzygiderli ýokarlanmagy ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýar halky Garaşsyzlygyň baýramyny her ýyl uly buýsanç bilen belleýär. Çünki Garaşsyzlyk — ösüşleriň binýady, parahatlygyň, durnuklylygyň, bagtyýarlygyň kepilidir.

Aýlara KARIMOWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet

mugallymçylyk institutynyň talyby,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

10 Sentýabr 2025 | 38 okalan

ÝAŇLANSYN PARAHATLYK AÝDYMY

09 Sentýabr 2025 | 45 okalan

RÖWŞEN GELJEGE ÝETIRJEK AÝDYŇ ÝOL