Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň hem-de Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda “Bilimler we talyp ýaşlar güni” mynasybetli talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda maslahat duşuşygy geçirildi.
Çäräniň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmelerde jemgyýetiň we döwletiň ösüşiniň esasy bolan milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýändigi, bilimiň we okatmagyň ýokary derejesi hem-de ylmy-tehniki gazanylanlaryň ornaşdyrylmagy bilen ýurdumyz özgertmeler ýoly bilen okgunly öňe barýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlarymyza okamaga, öwrenmäge, halal zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Umyt BAÝHANOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň başlygy.