Mälim bolşy ýaly, her ýylyň 1-nji sentýabrynda ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilip geçilýär. Täze okuw ýylynyň başlanmagy, diňe bir bilim ulgamyndaky möhüm waka bolman, eýsem, jemgyýetimiziň ruhy durmuşynda-da aýratyn ähmiýete eýedir.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyp ulanylmaga berilmegi juwan kalbymyzy joşa getirdi. Häzirki döwrüň iň täze talaplaryna laýyk gelýän bu ýokary okuw mekdebiniň açylmagy, ýaşlaryň ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmegi, dünýä derejesinde bilim almagy üçin giň mümkinçilikleri döredýär.
Mundan başga-da, her ýylda birinji synpa gadam basýan körpelerimize hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgady – kompýuterleriň gowşurylmagy ýaş nesil hakynda edilýän aladanyň aýdyň nyşanydyr. Bu sowgat diňe bir maddy gymmatlyk däl, eýsem, ýaş nesillerimiziň ylma, täze tehnologiýalara bolan gyzyklanmalaryny ösdürmekde, olaryň başlangyç bilim älemine ynamly gadam basmaklarynda aýratyn ruhy goldaw bolup hyzmat edýär. Bu beýik başlangyç ýurdumyzyň her bir maşgalasynda uly şatlyk döredýär, ýaş ene-atalaryň ýüreklerini buýsanja besleýär.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hem täze okuw ýylynyň ilkinji günlerinden başlap giň gerimli işleri alyp barýar. Guramamyzyň agzybir işgärleri we işjeň agzalary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaşlar bilen duşuşyklary guraýarlar, olaryň döredijilik başarnyklaryny ösdürmek, jemgyýetçilik işjeňligini ýokarlandyrmak ugrunda giňişleýin çäreleri geçirýärler. Ýaşlarymyzyň, meýletinçilik hereketlerine goşulmaklary, dürli halkara hyzmatdaşlyk taslamalaryna we jemgyýetçilik işlerine gatnaşmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Ýaşlar üçin döredilýän giň mümkinçilikler olaryň bilimde, döredijilikde, ylymda, sportda we jemgyýetçilik işlerinde uly üstünliklere ýetmekleri üçin berk binýat bolup durýar.
Goý, täze okuw ýyly ýaş nesillerimiziň täze üstünlikleri, täze açyşlary bilen bezelip, ýurdumyzda parahatçylygyň, ösüşiň we bagtyýarlygyň ýolunyň dowamlylygyny üpjün etsin.
Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý olaryň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Aýnabat ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
esasy hünärmeni.