TÄSIRLI GEÇEN WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we peder ýoluny dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlaryň aňynda watansöýüjilik ýaly ýokary ahlak häsiýetleri terbiýelemek hem-de Watana wepaly, ruhubelent, sagdyn bedenli ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin alyp barýan döwlet syýasatyndan ugur alyp Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň guramagynda Türkmenbaşy etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň mejlisler zalynda bilim ulgamynda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda çykyş edenler ýaşlara tertip-düzgüni berjaý etmek, ula-hormat, kiçä sarpa goýmak barada belläp geçdiler. Soňra duşuşyga gatnaşanlar halkymyzyň bähbidine beýik işleri durmuşa geçirýän, Watanymyzyň at-abraýyny dünýä ýüzünde barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!

Gültäç ALYHANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

20 Awgust 2025 | 37 okalan

GYZYKLY BRIFING GEÇIRILDI

20 Awgust 2025 | 37 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

20 Awgust 2025 | 29 okalan

TÄSIRLI GEÇEN WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY