Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň, şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň bilelikde guramagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda kabul edilen kararlary we çözgütleri halk köpçüligine wagyz etmek maksady bilen Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Durnukly ykdysady ösüşe giň mümkinçilikler» ady bilen dabaraly maslahaty geçirildi.
Maslahatyň dowamynda çykyş edenler her on ýyldan geçirilýän bu forumyň netijesinde oňa gatnaşan ýurtlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek, çözgütleri öwrenmek hem-de gatnaşyklary ýola goýmak üçin oňyn şertler döredilýändigi dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Söhbetdeşlik duşuşugynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzyň halkara abraýyny beýgeltmekde umumadamzat ähmiýetli işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzayň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Ýusup BABAKULOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Türkmenabat şäher Geňeşiniň başlygy.