“KIM ÇALASYN” ATLY BÄSLEŞIK GEÇIRILDI

Ýakynda “Türkmendemirýollary” agentliginiň, “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň guramagynda Gökderedäki “Demirýolçy” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan çagalaryň gatnaşmagynda “Kim çalasyn” atly bäsleşik geçirildi.

Merkezde dynç alýan çagalar öz wagtlaryny diýseň şadyýan geçirip, labyzly okamakda, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmakda, surat çekmekde, küşt oýnamakda, şeýle hem sport bäsleşiklerinde öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar döwrebap bilimli, giň dünýägaraýyşly, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaş nesilleri kemala getirmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Myrat GOŞAÝEW,

“Demirýollary” AGPJ-niň Magtymguly

adyndaky IÝG-niň başlygynyň w.w.ý.ý.

Meňzeş habarlar

12 Sentýabr 2025 | 76 okalan

“BIZ OWAZ BILEN”

12 Sentýabr 2025 | 68 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI