Ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar gününiň dabaraly bellenilýän täze okuw ýylynyň ilkinji gününde Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň “Begaryk” obasynda 2 gatly 400 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiniň täze döwrebap binasy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi.
Geňeşligiň ýaşaýjylarynyň, mekdep okuwçylarynyň hem-de bilim işgärleriniň umumy şatlygyna öwrülen bu ajaýyp bina “Ussa Tirkeş” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan gurlupdyr.
Häzirkizaman ülňülerine laýyk gelýän bu mekdep binasynda ýaş nesle terbiýe we döwrebap bilim bermek üçin ähli şertler döredilipdir. Mekdebiň synp otaglarynda bu ýerde bilim aljak çagalaryň ýaşyna görä mebeller ýerleşdirilipdir. Çagalaryň daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmekleri, täze tilsimatlardan kämil baş çykarmaklary üçin mekdebiň täze binasynda lingafon we kompýuter otaglary döredilipdir. Iňlis dili, fizika, himiýa, biologiýa hem-de beýleki otaglary kämil tehniki serişdeler, interaktiw tagtalar bilen üpjün edilipdir. Bu ýerde bilim alýan oglanlara hem-de gyzlara zähmet sapagynda hünär öwrenmek üçin aýrylykda abzallaşdyrylan otaglar bar. Mekdepde taryhy tapyndylar ýerleşdirilen mirashananyň bolmagy hem aýratyn bellärliklidir. Şeýle hem mekdep binasynda döwrebap sport enjamlary bilen üpjün edilen sport zaly, 160 orunlyk mejlisler zaly hem-de naharhana ýerleşýär. Binanyň ýanaşyk ýerlerinde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin sport meýdançalary gurlupdyr.
Täze mekdep binasynyň açylyş dabarasynda zehinli mekdep okuwçylarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna, tanslaryna, şeýle hem dabara gatnaşýan ýaşuly nesliň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim işgärleriniň wekilleriniň çykyşlaryna giň gerim berildi. Olarda bilim ulgamyna goýýan belent sarpasy, ýaş nesilleriň dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim we terbiýe almaklaryna, berk bedenli, ata Watanymyza, mähriban halkymyza wepaly adamlar bolup ýetişmeklerine döredip berýän giň şertleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atlaryna tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözleri aýdyldy.
turkmenistan.gov.tm
02.09.2025