Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaş nesilleriň daşary ýurt dillerini kämil öwrenmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, düýn Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça Merkeziniň “Ýaş dilmaçlar we halypalar” atly gurnagynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi.
Duşuşyga meýletinçi dilmaçlar bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşinde önümçilik tejribeligini geçýän Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklar we diplomatiýasy hünäriniň 1-nji ýyl talyplary hem gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda meýletinçi ýaşlar daşary ýurt dillerini öwrenmegiň ähmiýeti, şeýle hem olaryň halkara gatnaşyklarynda möhüm hyzmaty, häzirki zaman dünýäsinde sanly tehnologiýalaryň ösmekligi bilen daşary ýurt dillerini öwrenmegiň we öwretmegiň usullarynyň ýeňilleşendigi, sözlük programmalarynyň, sesli, gepleşik hem-de grammatikany öwredýän programmalaryň dil öwrenmäge uly ýardam berýändigi barada çykyş edip, özara pikir alyşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, daşary ýurt dillerini suwara bilmegi, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik başlangyçlarynyň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Mähri ORAZMÄMMEDOWA,
“Arkadagly Ýaşlar” elektron
žurnalynyň bölüm redaktory.