SAPALY DYNÇ ALYŞ WE SPORT SYÝASATY

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenarynda dynç alýan wagty «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisine taýýarlyk görlüşi bilen tanyşdy. Ýaryşyň geçiriljek ýolunyň jemleýji tapgyrynda geçirilýän işleriň barşyna gözegçilik etdi.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz ralliniň ugurlary şekillendirilen kartanyň kömegi bilen ýoluň aýratynlyklary we has çylşyrymly bölekleri barada gürrüň berdi, sebitleriň her birinde ýaryşyň tapgyrlarynyň tebigy özboluşlylygyny belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi. Ilkinji sowal Halkara awtorallisiniň ähmiýeti we onuň milli Liderimiziň başlangyjy bilen Türkmenistanda geçirilýän, halkymyzyň buýsanýan sport syýasaty bilen özara baglanyşygy hakynda boldy.

Awtoralliniň ýoly, şol sanda Garagumuň altynsow çägeli giňişliginden geçýän ýol hem-de döwlet Baştutanymyzyň bu ýoldan geçmegi baradaky sowala jogap bermek bilen, milli Liderimiz onuň özi üçin täze ýol bolup durýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kartanyň kömegi bilen ýoluň bu tapgyrynyň tebigy aýratynlyklardan gelip çykýan çylşyrymly ýagdaýlaryny düşündirdi. Hazaryň kenaryndan geçýän ýol birnäçe çylşyrymly öwrümlere eýe bolup durýandygyny, şolaryň biri pellehana golaý ýerde ýerleşýändigini, munuň üçin bir tekeriň deňziň içinde, bir tekeriň bolsa çölüň içinde bolmaly bolýandygyny, 18 kilometr menzili geçeniňde ähli zat diňe ýolda aýdyň bolýandygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz köp zady ilki bilen okap, öwrenýändigini, şondan soň netije çykarýandygyny ýene bir gezek belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, adam elmydama hereketde bolmaly, dynç hem almaly, iş bilen hem meşgul bolmaly, şonda durmuşyň gyzygy bolar. Türkmene paýhaslylyk, parasatlylyk, zähmetsöýerlik mahsusdyr. «Ir turan işinden dynar» diýen nakyl hem ýöne ýerden dörän däldir. Adam ýaşlygyndan zähmete uýsa, şonda durmuşyň gadyr-gymmatyny biler. Biz çagakak oba gidip, ir bilen elimize pil alyp, ýer depmegi gowy görýärdik, şonuň üçin zähmeti dynç almak bilen utgaşdyrmak uly bagtdyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiziň Beýik Ýüpek ýoly boýunça awtoralliniň guramaçylyk meselelerinden başlap, anyk işlere çenli ähli zatlara hut özi gözegçilik edýär. Elbetde, bu özüneçekiji ýaryşlaryň diňe Watanymyzyň durmuşynda däl-de, eýsem, şu ýylyň halkara sport möwsüminiň senenamasynda şanly waka boljakdygy gürrüňsizdir. Garagumuň içinden geçjek bu ýaryşa gatnaşmaga birnäçe ýurtlaryň ýygyndy toparlarynyň gyzyklanma bildirmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Balkan welaýatynyň çäginden geçýän ýaryş ýolunyň jemleýji bölegini gurşap alan tebigatyň özboluşlylygyny bellemek gerek. Onuň ugry ajaýyp ýerlerden geçip, bu ýerde Hazaryň kenarynyň hem-de deňiz giňişliginiň gözelligi sazlaşykly utgaşýar. Ruhubelentligiňi artdyrýan şeýle täsin tebigy sazlaşyk ýaryşa gatnaşyjylar üçin ruhlandyryjy şert bolup durýar. Milli Liderimiziň dolandyrýan, öňe sary okdurylyp barýan sport awtoulagy Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döredijiligiň we ösüşiň ýolunda täze üstünliklere tarap ynamly hereketini alamatlandyrýar.

Ýeri gelende aýtsak, hünärmenler dürli görnüşli ösümlikleri we haýwanlary bolan tebigatyň bu künjeginiň ekologiýa nukdaýnazaryndan ýokary ölçeglere laýyk gelýändigini tassyklaýarlar. Şunuň bilen baglylykda, ýaryşa taýýarlyk görlende, tebigaty goramak ugruna uly ähmiýet berilýär.

Milli Liderimiz «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisine taýýarlyk görmegiň çäklerinde guralan sergi bilen tanyşdy.

Sergide mahabat bannerleriniň we pannolaryň görnüşleri, ýaryşlaryň nyşanlary, türgenleriň, meýletinçileriň hem-de hyzmat edýän işgärleriň egin-eşikleriniň nusgalary, dürli sowgatlyk we ýadygärlik önümleri, ýurdumyzyň dokmaçylarynyň taýýarlan dürli görnüşli dokma önümleri görkezildi. Döwlet Baştutanymyza Türkmenabat şäherinde awtoralliniň badalga alýan ýeriniň çyzgylary, sport ýaryş awtoulaglarynyň görnüşleri we tehniki häsiýetnamalary barada aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýän, dürli ulaglar şekillendirilen plakatlar görkezildi.

Döwlet Baştutanymyz sergi bilen tanşyp, halkara awtorallisine gabatlanyp çykaryljak önümleriň hili bilen bir hatarda, şolaryň bezegi hem-de özboluşlylygy, milli bezeg önümlerini döwrebap dizaýner işleri bilen sazlaşykly utgaşdyryp peýdalanmak ýaly ugurlara uly üns bermegiň zerurdygyny aýtdy.

* * *

Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz agtyklary bilen bilelikde Hazar deňziniň giňişlikleri boýunça «Galkynyş» atly häzirki zaman gämisinde gezelenç etdi.

Deňizde gämili gezelenjiň barşynda döwlet Baştutanymyz öz agtyklary bilen behişdi mekany, türkmenistanlylaryň we ýurdumyzyň myhmanlarynyň höwes bilen dynç alýan ýerine öwrülen Awazanyň gözel keşbini synlady.

“Nesil” gazeti,

14.07.2018ý.

Meňzeş habarlar