Dostlukly gatnaşyklar pugtalanýar

 6-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary boldy.

Bu ýerde türkmen Liderini Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow mähirli garşylady. Türkmenistanyň we Tatarystanyň Baştutanlary Kazanyň merkezi böleginde esasy akademiki we okuw jaýlarynyň golaýynda ýerleşýän «Ideýa» tehnoparkynda boldular.

...Merkezi girelgäniň ýanynda iki döwletiň Liderleri Tatarystanyň senagat mümkinçiliklerine bagyşlanyp guralan sergini synladylar.

Bu ýerde Respublikanyň esasy kompaniýalary we kärhanalary, şol sanda Türkmenistan bilen öňden bäri hem-de netijeli hyzmatdaşlyk edýän, hususan-da, «Tatneft», «KAMAZ» we beýleki kompaniýalar öz gazananlaryny görkezdiler.

«Tatneft» kompaniýasy Türkmenistanda 2010-njy ýyldan bäri Goturdepe ýatagynda «Türkmennebit» döwlet konserni bilen baglaşylan şertnama boýunça işledi, guýulary düýpli abatlamak hem-de ýataklaryň nebit gatlaklarynyň önümliligini ýokarlandyrmak boýunça taslamanyň üstünde iş alyp bardy. Guýularyň 38-sinde abatlaýyş işleri ýerine ýetirildi. Geçirilen işleriň hem-de täze tehnologiýalaryň we enjamlaryň ornaşdyrylmagy netijesinde goşmaça nebit alyndy.

Häzirki döwürde taraplar bu şertnamany giňeltmegiň üstünde işleýärler. Bilelikdäki meýilnamalarda 88 guýy bar, olarda gatlaklaryň nebit berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen abatlaýyş işlerini geçirmek zerur bolup durýar. Kompaniýanyň şu sergä gatnaşmagy bolsa türkmen bazarynda öz hyzmatlaryny ilerletmek üçin oňat mümkinçilikdir.

Türkmenistanyň we Tatarystanyň Prezidentleriniň bilelikdäki awtoulag kerweni «Ideýa» tehnoparkyndan Kazan Kremline tarap ugrady.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow syn ediş meýdançasyna çykdylar, ol ýerde Tatarystanyň Prezidenti belent mertebeli myhmana bu gadymy şäheriň esaslandyrylan gününden biziň günlerimize çenli meşhurlyga eýe bolan bu arheologiki, taryhy we binagärlik ýadygärlikleriniň täsin toplumy barada gürrüň berdi. 2000-nji ýylda Kazan Kremli ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendigini buýsanç bilen aýtdy.

Türkmen we tatar Liderleri Prezident köşgüne baryp, Dabaralar zalynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Kazan Kremliniň hormatly myhmanlary üçin kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Duşuşygyň barşynda özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri hem-de ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek ýaly möhüm ugurlary öz içine alýan meseleler ara alyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasynda ýola goýlan bilim ulgamyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi. Tatarystanyň ýokary okuw mekdeplerinde ýurdumyzdan talyplaryň köp sanlysy bilim alýar.

Sport ulgamy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi, Türkmenistanda we Tatarystanda bu ulgamyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Şeýle hem Prezident Rustam Minnihanow Aşgabatda geçirilen Aziada — 2017-niň uly üstünligini we ähmiýetini belledi hem-de türkmen paýtagtyndaky täsin Olimpiýa şäherçesine haýran galýandygyny aýtdy.

Milli Liderimiz bu uly sport baýramçylygyny geçirmekde Tatarystanyň tejribesiniň hem ýardam edendigini belledi. Bu ugurda toplanan tejribe geljekde, şol sanda milli ýygyndymyzy Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna taýýarlamakda hem gerek bolar. Şu ýyl ýurdumyzda agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň hem geçiriljekdigini aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň däp bolan dostlukly netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydyklaryny ýene bir gezek tassykladylar hem-de iki ýurduň doganlyk halklaryna bagt, abadançylyk we ösüş arzuw etdiler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň futbol boýunça Russiýada geçirilýän dünýä çempionatynyň dörtden bir final oýnuna hormatly myhman hökmünde çagyrylmagy ýurdumyzyň sport ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatynda hem aýratyn ähmiýete eýedir.

2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary türkmen sportunyň ösüş taryhynda täze sahypany açdy, onuň açylyş dabarasyna Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow gatnaşypdy.

Häzirki wagtda ýurdumyz sentýabr aýynda «Amul — Hazar 2018» halkara rallisini we noýabr aýynda agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge taýýarlanýar. Bu iri möçberli bäsleşikleriň üstünlikli guralmagy Türkmenistanyň dünýä abraýyny, şol sanda sport ulgamynda ornuny has-da pugtalandyrar.

Iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Watanymyza dolanyp geldi.

“Nesil” gazeti,

10.07.2018ý.

Meňzeş habarlar