Ýurdumyzyň başlangyjy — sagdynlygyň senasy

 Deňziň käwagt sülmüräp, ýuwaşjadan tolkun atyp durmasyny, käwagt bolsa, gaýnap-joşup tolkunlarynyň gatbar-gatbar bolup möwç almasyny, lummurdap dury suwuny güjeňleýän derýanyň çyrpynmasyny ata-babalarymyz owadan gyzyň näz-kereşmesine deňäpdirler. Olaryň gözbaşyny ummanlardan alyp gaýdýan mele suwy ýaşaýşyň gymmatlygy, genji-hazynasy hasaplanýar, ýöne ýere suw damjasy altynyň dänesi bilen deňeşdirilmeýär ahbetin. Az wagtlyk çöreksiz ýaşap bolsa-da, suwsuz ýaşaýşy göz öňüne getirmek kyn. Çöl-beýewanlaryň, meýdanlaryň teşneligini diňe suw bilen gandyryp bolýar. Suw bolmadyk ýerde durmuşy göz öňüne getirmek kyn. Eýsem-de bolsa, suwy tygşytly ulanmak, suw serişdelerini netijeli we rejeli peýdalanmak adamzat ähliniň diňe özüne bagly bolup durýan borç.

Soňky wagtda Ýer ýüzünde howanyň üýtgemegi bilen derýadyr deňizleriň hem suwlary peselip başlady. Onuň daşky gurşawa, ekologiýa ýagdaýyna-da täsiri ýetýär. Bol suwy bilen Orta Aziýa ýurtlaryny üpjün eden Aral deňzi hem teşnelige maýyl bolmagyň bosagasyna gelip ýetdi. Onuň suwunyň çekilmeginiň daşky gurşawyň ekologiýa ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyna getirjekdiginiň mümkindigi baradaky pikirler alymlary, hünärmenleri howsala saldy. Eýsem, deňzi nädip halas etmeli?! Bu meseläniň çözülmeli döwründe daş-töweregiň ekologiýasyna aýratyn üns berilmelidiginiň esasy wezipeleriň biridigi kesgitlendi. Bu bolsa ählumumy durnukly ösüşiň, milli durmuş-ykdysady syýasatynyň, tebigaty goramagyň öňünde goýlan wezipeleri çözmekde möhüm ýer eýelejekdigini subut edýär.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda durnukly ekologiýa ýagdaýynyň saklanmagy barada taýsyz tagalla edýär. Ilki bilen, önümçilikleri ylmy taýdan täze tehnologiýalar esasynda gurnap, iri senagat pudaklaryna öwürmekde uly işler alnyp barylýar. Bu bolsa howanyň ekologiýa ýagdaýynyň adamlara ýaramaz täsir etmeginden goraýar. Ýurdumyz milli Liderimiziň baştutanlygynda sebitde iri halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk esasynda ekologiýa meselelerini çözmeklige işjeň gatnaşýar. Soňky döwürde biziň aňymyza «ekologiýa medeniýeti» diýlen düşünje siňýär. Bu medeniýet hut biziň özümizden başlanýar.

Aral deňzini halas etmek boýunça-da Gahryman Arkadagymyzyň halkara we Bütindünýä forumlarynda eden çykyşlary, «suw diplomatiýasynyň» işjeň öňe sürülmegi, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy tarapyndan goldanylan onlarça dürli taslamalar, ynha, bu gün bolsa, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnamasy Aralyň meselesiniň oňyn çözüljekdigini Ýer ýüzüne buşlady. Bu Kararnama diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýädäki ähli milletleriň sagdyn ýaşaýşynyň aladasy bilen baglydyr.

Halkymyzda «Saglyk — baýlyk», «Sag başym — soltan başym», «Il saglygy — ýurt baýlygy» ýaly pähimler bar. Bu pähimler adam üçin iň uly baýlygyň saglykdygyny aňladýar. Ata-babalarymyzyň wagtly-wagtynda iýmitlenip, hemişe hereketde bolmagy olaryň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyna getiripdir. Gadym geçmişimize göz aýlasak, türkmen halkynyň hemişe bedenterbiýä aýratyn üns berendigini bilýäris. At çapmak, ýaglyga towusmak, göreş tutmak we beýleki milli oýunlaryň ählisi bedeniňi herekete getirip, saglygyňy berkitmegiň gözbaşy bolup durýar. Biz ady dünýä belli meşhur çapyksuwarlarymyz, pälwanlarymyz bilen birlikde agyr we ýeňil atletika boýunça türgenlerimiziň dürli ýyllarda türkmene şöhrat getirendigini taryh sahypalaryndan bilýäris.

Halkyň saglygyny goramagy özüniň baş maksady edip, hemişe türkmen halkynyň aladasyny edýän hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty köpçülikleýin ösdürmek üçin uly tagalla edýär. Gözel paýtagtymyz Aşgabatda, welaýat merkezlerinde, etrapdyr şäherlerde, obadyr kentlerde gurlup ulanylmaga berlen döwrebap sport desgalary muňa aýdyň şaýatlyk edýär. 2017-nji ýyl bolsa, halkymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak wakalara beslendi. Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi biziň merjen paýtagtymyzda gurlup, onda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçirildi. Bu oýunlarda türkmen türgenleriniň gazanan ýeňşi türkmen sportunyň abraýyny belende göterdi.

Adamyň gan aýlanyşygyny gowulandyryp, ýürek-damar keselleriniň öňüni almakda, özüňi ruhubelent, hoşwagt duýmakda, gezelenç etmekde welosiped sportunyň möhüm ähmiýeti bar. Şeýle bolansoň, sportuň bu görnüşi bütin dünýäde, şol sanda Türkmenistanda-da uly meşhurlyga eýedir. Welosiped sporty gün-günden köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. Ýönekeýje ulagyň elýeterli, ygtybarly, ekologiýa taýdan arassa bolmagy onuň daşky gurşawa aýawly çemeleşmegi, saglygy goramagy şertlendirýändigini tassyklaýar. Welosiped ýörişleriniň köpçülikleýin geçirilmegi ynsan saglygyny berkitmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde, jemgyýetde sport başlangyçlaryny ýaýbaňlandyrmakda, şeýle hem agzybirligi, parahatçylygy, birek-birege düşünişmegi pugtalandyrmakda uly ähmiýeti bar.

Şu ýylyň başynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça welosiped ýaryşyna badalga berildi. Bu ýaryş halkymyzyň arasynda uly goldaw tapdy. Ýerlerde geçirilýän welosiped ýaryşlaryna ähli ýaşdaky we kärdäki raýatlarymyz, aýratyn hem ýaşlarymyz uly höwes bilen gatnaşýarlar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň geçiren mejlisinde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen kabul edilen Kararnamasy, ýagny 3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan edilmegi bu sportuň janköýerlerini begendirdi. Bu bolsa Bütindünýä welosiped gününde watandaşlarymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň daşyna berk jebisleşip, sportuň bu görnüşini dabaralandyrmaga goşant goşjakdyklaryna uly ynam döredýär.

Ogulbaýram TAGANOWA,

žurnalist.

“Nesil” gazeti,

21.04.2018ý.

Meňzeş habarlar