SUNGAT BIR JADYDYR

Gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýan  türkmen halkynyň gadymy sungaty bolan külalçylyk sungaty, asyrlaryň dowamynda ösen derejelere ýetdi. Külalçylyk türkmen halkynyň kämil derejede ösen halk senetçiliginiň nusgasy bolup, olar nesilden-nesle geçirilip, häzirki güne çenli saklanylyp galypdyr. Ine bu günki gün, biziň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli, akylly şäher diýlip atlandyrylan Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Dünýä gözelliklerini zenanlar wasp edende” atly keramikaçy gelin-gyzlaryň döredijilik sergisi geçirildi. Bu sergi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň “Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň mugallymy, ussat keramikaçy Gülara Babaýewanyň we onuň bäş şägirdi Laçyn Toýlyýewa, Jemal Batyrowa, Maýa Tejenowa, Ogulbahar Annamuhammedowa hem-de Patmagözel Atabaýewanyň eserleri bilen bezelen. Gülara Babaýewanyň  nepis, inçelik bilen ýasalan keramiki işleri, nakgaş eserleri akýürekliligi we kreatiw awtorlyk tilsimi bilen özüne bendi edýär. “Sungat – jadydyr” diýen sözüniň hakdygyna, onuň eserlerini göreniňde göz ýetirýärsiň. Onuň döreden her bir eserinde döwrebaplygyň we milliligiň, şol sanda heýkeltaraşlyk sungatynyň utgaşmagynda, üýtgeşik, ajaýyp täsirli keramika eserleri ýüze çykypdyr. Elbetde, ussadyň täsiri şägirtleriniň hem eserlerinde aýdyň duýulýar. Eserlerde zenan kalbynyň, ruhunyň gözelligi, ýumşaklygy duýulýar. Sergidäki her bir eser döwrebap görnüşde ýerine ýetirilen bolsa-da, elbetde küýzeleriň ýüzündäki ýazgylar, gadymy nagyşlar hem-de bezeg üçin ulanylan alajalar, bize taryhymyzy medeni-mirasymyzyň gymmatlylygyny ýatladýar. Küýzeleriň we gaplaryň güberçekli nagyşlary ösümlik bezeglerine örän baý bolup, bu nagyşlaryň tebigatyň täsirinde dörändigi jedelsizdir. Bu nagyşlar ýapraklaryň, gülleriň birleşmesi esasynda ýerine ýetirilipdir. Mundan başga-da, eserleriň içinde haýwanlaryň, balyklaryň şekilleri hem gabat gelýär. Ünsi özüne çekýän işleriň içinde türkmen halk ertekilerinden ylham alnyp ýasalan eserleri hem görmek bolýar.

Ogulmaral ÇARÝAROWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

“Sungaty öwreniş ” kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby.

Meňzeş habarlar

18 Sentýabr 2025 | 40 okalan

SUNGAT BIR JADYDYR

18 Sentýabr 2025 | 47 okalan

DÜNÝÄNI ÖZGERDÝÄN SANLY TEHNOLOGIÝALAR