BEÝIK ÝEŇIŞIŇ 78 ÝYLLYGY

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda uly dabara bilen bellenilýän 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglygyny, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleriňiziň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýärin!

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde bellenilýän Ýeňiş güni Ýer ýüzüniň ähli adamlaryny parahatçylyga, dostluga we hoşniýetlilige çagyrýan sene hökmünde milli senenamamyzda mäkäm orun aldy. Şoňa görä-de Berkarar döwletimizde bu gün halkymyz söweş meýdanlarynda we zähmet frontunda edermenlik görkezip, ýeňşi ýakynlaşdyrmaga goşant goşan ildeşlerimizi ýatlap, olaryň gahrymançylygynyň öňünde başyny egýär. Beýleki doganlyk halklar bilen bir hatarda, bu uruşda halkymyzyň merdana ogul-gyzlary urşuň agyr synaglaryny mertlik bilen başdan geçirip, eziz Watanymyzy gorap janlaryny gurban etdiler. Olar Ýer ýüzünde parahatçylygy, asuda we abadan durmuşy goramak ugrundaky söweşlerde edermenligiň, batyrlygyň, gaýduwsyzlygyň we hakyky watançylygyň nusgasyny görkezdiler. Biziň ata-babalarymyz, ene- mamalarymyz arzyly Ýeňşi golaýlaşdyrmak üçin tylda hem merdanalyk bilen zähmet çekdiler.

Ol ýyllar müňlerçe türkmen ýigitleri Watan goragyna gidip gysga wagtyň içinde Türkmenistanda 87-nji, 88-nji aýratyn türkmen atyjylyk brigadalary, 97-nji, 98-nji atly diwiziýalary düzülipdir. Şol ýyllara degişli maglumatlara görä, türkmen ýigitlerinden 190 — 200 müň töweregi urşa gidip, şolaryň hem 50 müň töweregi söweşlerde wepat bolupdyr. Türkmen ýigitleri Russiýada, Ukrainada, Belarussiýada, Pribaltika, Gündogar Ýewropa ýurtlarynda aldym-berdimli söweşe gatnaşyp, Watan üçin şirin janlaryny orta goýup şöweşipdirler.

Sarpasy Belent Prezidentimiziň 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň nusgalyk edermenligini hormatlap, olaryň ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde we halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde alyp barýan asylly işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge goşýan goşantlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Beýik Ýeňşiň baýramy mynasybetli hemişe ýurdumyzyň uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna gymmat bahaly sowgatlary gowşurýar. Bu gün Hormatly Prezidentimiziň beýik ynsanperwerligi bilen urşa gatnaşan şöhratly weteranlar, uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlary we tylda zähmet çekenler ýurdumyzda Ýeňşiň 78 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän dabaraly çäreleriň iň hormatly myhmanlarydyr. Şol ýalynly ýyllary başdan geçiren weteranlaryň hormatyna tutuş ýurdumyzda duşuşyklar, dabaralar geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer syýasaty netijesinde Berkarar döwletiň täze Eýýamynyň Galkynyşy döwründe uruş weteranlary we uruşda wepat bolanlaryň ýanýoldaşlary aýratyn üns-alada bilen gurşalyp alynýar. Ýurdumyzda urşa giden gaýduwsyz ata-babalarymyzyň gahrymançylygy, tylda galanlaryň zähmet edermenligi hem-de maşgala ojagyny gorap saklanlar ýatdan çykarylmaýar. Bu günki gün olaryň durmuş ýoly häzirki nesiller üçin edermenligiň mekdebine öwrüldi. Adamzadyň azatlygy we erkinligi ugrunda göreşe çykan hem-de gije-gündiz zähmet çekip, Ýeňşi ýakynlaşdyran edermen watandaşlarymyzyň mertebesi, hormat-sarpasy belent tutulýar. Sarpasy Belent Prezidentimiziň başlangyjy bilen Aşgabat şäherinde «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda döredilen «Baky şöhrat» we «Milletiň ogullary» ýadygärlikleri uruşda şirin janlaryny gurban eden ata-babalarymyzyň söweş we zähmet edermenligine, gahrymançylygyna hormat goýulýan, ýaşlarda watançylyk, edermenlik häsiýetlerini terbiýelemek üçin uly ähmiýete eýe bolan mukaddes ýere öwrüldi.

Uruş ýyllarynyň agyr günlerini başdan geçirip, Watana bolan çäksiz söýginiň ajaýyp nusgasyny görkezen ildeşlerimiziň gahrymançylygy ýaşlar üçin watançylygyň beýik nusgasy, ýurdumyzyň häzirki we geljekki nesillerini terbiýelemekde mynasyp ýolgörkeziji bolup hyzmat edýär. Mugallym, esger, ilhalar ynsan bolan Berdimuhammet Annaýewiň gahrymançylykly ömür ýoly nesillere görelde mekdebidir. Bu gün Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda ýerleşýän 27-nji orta mekdep gahryman ynsanyň, esgeriň we mugallymyň, tutanýerli zähmeti bilen watandaşlarymyzyň çäksiz hormatyny gazanan ynsanyň adyny göterýär. Bu mekdep ýurdumyzyň bilim işgärleri üçin usulyýet merkezine hem-de möhüm jemgyýetçilik-watançylyk çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi.

 

Merdan ORAZOW,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň

başlygynyň orunbasary.

Öňki makala

KITAP ÇÄRESI

Indiki makala

EDEP-TERBIÝE

Meňzeş habarlar

18 Iýul 2025 | 26 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

18 Iýul 2025 | 27 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Iýul 2025 | 61 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI