Ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginiň birinji tapgyry geçirildi

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginiň birinji tapgyry geçirildi. 2009-njy ýyldan bäri geçirilmegi däbe öwrülen bu bäsleşigiň nobatdaky tapgyry Aşgabat atçylyk sport toplumynda geçirildi.

«Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, bu bäsleşige öz döwründe ahalteke atçylygyna uly şöhrat getiren nesil ugurlary bolan Gelşikli, Eýeberdi Teleke, Gyrsakar, Pereň, Fakirpälwan, Skak, Garlawaç, Aksakal, Ýel, Gaplaň ýaly naýbaşy ahalteke bedewleriniň saýlama nesilleri gatnaşdylar.

Ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigine dürli pudaklara degişli 15 adamdan ybarat eminler topary baha berýär. Düzgün boýunça bäsleşigiň birinji tapgyrynda gözellikde bäsleşen bedewleriň 20-si onuň ikinji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Belläp geçsek, bäsleşige 3 — 10 ýaş aralygyndaky, ahalteke atlaryna mahsus beden gurluşy bolan, synasy, ýagny göwresiniň kese uzynlygy, ýognaslygy — döşüniň aýlawy, süňklekligi — injiginiň ýogynlygy ýaly kada laýyk gelýän atlar gatnaşdyrylýar.

 

Meňzeş habarlar

20 Maý 2022 | 53 okalan

Parahat ýurdum Türkmenistan

06 Maý 2022 | 110 okalan

“Miras sözlügi”