Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimliginiň, Berkararlyk etrap polisiýa bölüminiň bilelikde guramagynda Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 78-nji orta mekdebinde okaýan ýokary synp okuwçylaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Çykyşlarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Aşgabat şäher häkimligi, harby-hukuk goraýjy edaralary hem-de beýleki edara-kärhanalary, syýasy partiýalary, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde tassyklanan meýilnamasy esasynda Aşgabat şäherindäki dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň arasynda Täze ýyl baýramçylygyny ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça ýaş nesilleriň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, zyýanly endikleriň, şol sanda partlaýjy maddalaryň adamyň saglygyna ýetirýän zyýany baradaky sowatlygyny ýokarlandyrmak we öňüni almak hem-de türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini, milli däp-dessurlarymyzy giňden wagyz etmek maksady bilen täsirli çykyşlar edildi.
Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, halkymyzyň asuda, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.
Aýgül MELÄÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň
uly buhgalteri.












