KALBYMA ÝAZ GELER, DILIME JOŞGUN – ÜLKÄM GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLANDA

Ýakynda Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda Garaşsyzlygyň 34 ýyllygy mynasybetli etrap häkimliginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda dabaraly baýramçylyk çäresi geçirildi. Oňa etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän raýatlar gatnaşdylar.

Çärede ajaýyp çykyşlara giň orun berlip, olar ýurdumyzyň 34 ýylyň içinde uly ösüşlere eýe boldygy hakynda nygtadylar. Şeýle-de, dabaraly çärede etrabyň «Pendi nagmalary» folklor toparynyň aýdymçylarynyň çykyşlary belentden ýaňlanyp, dabara gatnaşyjylaryň ruhuny göterdi we baýramçylyk şowhunyny has-da artdyrdy.

Dabaraly baýramçylyk çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar milli mirasymyza, ruhy we medeni gymmatlyklarymyza bimöçber sarpa goýýan, şeýle-de milli baýramçylyklarymyzy bellemäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlaryny aýtdylar.

Täzegül ÇARYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

28 Noýabr 2025 | 68 okalan

BITARAPLYK MILLI BUÝSANJYMYZ

28 Noýabr 2025 | 71 okalan

MERDANALAR BÄSLEŞDILER

26 Noýabr 2025 | 101 okalan

AGZYBIR MAŞGALA – JEBIS MILLET