SPORT — BEDEN HEM RUHY SAGDYNLYK

Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, ýaşyna garamazdan, ähli adamlar üçin zerurdyr. Ýöne ýaşlara sport bilen kiçi ýaşdan meşgullanyp başlamak has dogrudyr. Sport bedeniňi we ruhuňy sagdyn saklamaga, syrdam bolmaga, bedene dürli keselleriň aralaşmagynyň öňüni almaga, özüňi ýeňil duýmaga, çydamly bolmaga ýardam edýär.

Sport bilen ilkinji gezek meşgullanyp başlaýanlara ýa-da türgenleşikleriň arasyna uzak wagt düşürenlere ilkinji türgenleşik üçin 10 minut sarp etmek maslahat berilýär. Bu bedene birbada aşa agram bermezden türgenleşige girişmäge ýardam berer. Bu wagt her indiki türgenleşikde az-azdan artdyrylýar.

Sport bilen meşgullanmagyň, maşk etmegiň esasy maksady saglygyňy gorap saklamak, özüňi sagdyn we keýpiçag duýmakdyr. Türgenleşigiň dowamynda gowy görýän, ylham beriji aýdym-sazlaryňy diňlemek oňaýly täsir edip biler. Türgenleşik wagtynda dem alýan howaň arassa, kislorodyň bol bolmagy esasy talaplaryň biridir. Şol sebäpli maşklary, esasan, açyk howaly ýerde ýerine ýetirmek has-da peýdaly bolar.

Ir säherden örüp, işe, okuwa diýlip ýola çykylanda daş-töweregiň gözelligini synlap, arassa howadan dem almak hem bedeni berkitmäge kömek eder. Barmaly ýeriňe birki duralga ýetmän, ulagdan düşüp, pyýada ýöremek, liftiň ýerine basgançaklardan münüp-düşmek hem peýdaly endikleriň biridir. Bu endikler çilim çekmek, alkogolly içgileri içmek ýaly ýaramaz pişelerden daşda durmak, dogry iýmitlenmek ýaly ajaýyp häsiýetler bilen utgaşdyrylanda has-da oňyn netijesini berer diýip aýtmak bolar.

Annajemal NURJANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

“Türkmennebit” Döwlet konserniniň Guramaçylyk bölüminiň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

04 Sentýabr 2025 | 85 okalan

SPORT WE TERBIÝE